JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti telekeçileriň sergisine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanyp, geçirilen sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Bu ýerde görkezilýän önümler we beýleki gymmatlyklar häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda umumy ösüşiň oňyn ýagdaýlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň hususy işewürligini ösdürmek, hususyýetçiligiň gazananlarynyň gözden geçirilişini guramak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Giň möçberli serginiň guralmagy bu ugurda gazanylýan üstünlikler we täzelikler hem-de telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň 28 müňden gowrak wekilini özünde jemläp, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk bölegini ösdürmek, telekeçilik başlangyçlary goldamak we döwrebap işewürlik düzümlerini kemala getirmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Birleşmäniň agzalary ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine saldamly goşant goşýarlar. Diýarymyzda işleýän ilatyň ýarysyndan gowragynyň ykdysadyýetiň hususy pudagynda zähmet çekýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň önümçiliklerini barha işjeň ýola goýýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar