JEMGYÝET

Türkmenistan-BMG: 26 resminama gol çekildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly 26 sany resminama gol çekildi. Olaryň arasynda 2023-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki taslamalar we şu ýyl üçin iş meýilnamalar bar.

Bu resminamalaryň ählisi 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ozal gol çekilen maksatnamalaýyn resminamalaryň maksatlaryny we wezipelerini öz içine alýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwada geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri