JEMGYÝET

Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti 16-njy martda geçiriler

Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň 16-njy martda Türkiýe Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýarto bilen geçiren bilelikdäki metbugat brifinginde habar berdi.

– Ýer titreme zerarly Antaliýadaky diplomatiýa forumyny guramagy yza süýşürdik. Ýöne 16-njy martda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti geçiriler. Biz bu sammitde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana garaşýarys. 29-njy martda Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak Türkiýä geler – diýip, daşary işler ministri Çawuşogly belledi.

2009-njy ýylda döredilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasy Türki Döwletleriň Guramasyna öwrüldi. Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe we Özbegistan guramanyň agzalary. Türkmenistan bilen Wengriýa bu guramanyň synçy agzalarydyr.

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň 9-njy sammiti geçirilipdi.

Şonda guramanyň baş sekretary wezipesine Kubanyçbek Omuraliýew saýlanypdy.

Related posts

Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzasy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty :«Açyk ga­py­lar»

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: 13 ylalaşyga gol çekildi

Leave a Comment