SIZDEN GELENLER

Ulgam birligi

Kompýuterleriň programma üpjünçiliginiň ýola goýulmagy esasynda edilen işlere sarpa goýmak ,häzirki zaman ösen tehnologiýalar ulgamy bilen gyzyklanýan islendik adama täze bir älemi açmaga kömek berdi. Şol bir wagtda öwüşginleriň aşa köp ulanylmagynyň, prezentasiýanyň mazmunyna düşünmäge päsgel berýändigini ýatdan çykarmaly däldir. Döwrümizde durmuşymyzy kompýutersiz göz öňüne getirmek mümkin däl, çünki kompýuterler biziň durmuşymyzyň aýratyn, aýrylmaz bölegine öwrüldi. Kompýuterleriň üstünlikleriniň amala aşmagy häzirki zaman tehnologiýalary bilen adamyň arasynyň has- da ýygjamlaşandygyny görkezýär.Programma üpjünçiligi ýola goýlanda bolsa, kompýuteriň ähli taraplaýyn ulgam üstünliklerini göz öňüne tutmak zerurlygy ýüze çykmalydyr.Kompýuter ulgamynda dürli işleriň ýerine ýetirilmegi elbetde günümizi komýputersiz göz öňüne getirmek mümkin däldir, diýmegi aňladýar. Çünki bu ajaýyp döwürde kompýuterleşdirilen esasy işler ilkinji nobatda slaýdlaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär we adamlaryň isleglerine görä bu iş ýerine ýetirilende wajyplygy has- da artýar.Tanyşdyrylyş görkezilende, slaýdlaryň geçişi syçanyň ýa-da basyjynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Slaýdlaryň geçiş effektlerini geçiriji  barlaghanasy arkaly sazlamak bolar.Slaýdda aýratyn ýerleriniň animasiýasyny sazlamak üçin Анимация ýerini peýdalanylýar. Slaýdyň ýerini yzygiderli tapawutlandyrmak bilen, olara animasiýa berilýär.

Bular ýaly struktura modeli okuw prosessini doly ýagdaýda beýan etmeklige ukyplydyr. Modelirleme çemeleşmesi okuw prosessini çylşyrymly dinamiki ulgam hökmünde kabul edip, maglumatlary işlemekligiň tehniki serişdelerini ulanmaklygyň üpjün edýän uly mümkinçiliklerini hasaba almaklyga ýardam edýär.Elbetde kompýuterleşdirmegiň esasy şertleri bolsa, ilkinji nobatda ykdysady üstünlikleri ýola goýmak hem- de dünýägaraýşyň täze usullaryny jemlemek bilen ulgam birligini gazanmaga mümkinçilikler açýanlygy bilen makullanýar. Dogrysy iň bir çylşyrymly hereketleriň hem kompýuterler arkaly amala aşyrylmagynda täze, döwrebap ýaşaýyşyň müň bir taraply orunlary jemlenen. Elbetde kompýuterlerde bitewilik ýerleşdirilip, hat-da sanly ulgam arkaly öýleri hem-de ulaglary dolandyrmak hem- de dürli şertlerde, dürli ýerlerde, howa şertlerinde komputerleşdirlen dünýägaraýşyň täze usullaryny tapmaga mümkinçilik döreýär.Kompýuter bolsa, şol jemleri bir ýere birikdirýär. Häzirki zaman kompýuterine kompýuterleşdirilen üstünlikleri bolan dürli enjamlar, hyzmatlar, öý we beýleki ýerler kompýuterleriň kömegi bilen düýbünden başga bir görnüşli işe geçip gitdi. Kompýuter üçin islendik dilde islendik dilinde düzülýär. Ilkinji gezek bolsa, ýazuw maşynlary üçin oýlanyp tapyldy. Şeýle hem aýry-aýry pursatlara ünsi çekmek üçin, surat görnen pursatynda eşidiler ýaly, el çarpyşmalar görnüşindäki we beýleki ses effektleri berilýär.
Kompýuteriň ähli gurluşlarynyň toplumyna onuň apparat üpjünçiligi diýilýär. Bu gurluşlaryň düzümi çözülýän meselä baglylykda üýtgedilip bilner. Sistemablogy, monitor ,klawiatura, syçan. Kompýuterlerimiziň howpsuzlygyny gazanmak üçin bolsa, antiwiruslar peýdalydyr. Elbetde bu üstünlikler häzirki zaman tehnologiýalar birligini düzmek bilen birlikde maglumat tehnologiýalarynyň hem uly bazasyny kompýuterde ýygnamaga uly mümkinçilik berýär.

Enejan Nurberdiýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyby.

 

 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün