Dünýä futbolynyň şasy Pele 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna jaýlanar. Meşhur brazil futbolçy bilen hoşlaşyk dabarasyny gurnamagyň tertibi belli boldy.
Peläniň öz döwründe futbol oýnan “Santos” toparynyň habar bermegine görä, 3 gezek dünýä çempiony bilen hoşlaşmak dabarasy 2-nji ýanwarda başlaýar we 3-nji ýanwara çenli dowam edýär.
Pele Albert Eýnşteýn hassahanasyndan Santosdaky “Wila Belmiro” stadionyna getiriler we ol meýdançanyň merkezinde ýerleşdiriler. Isleg bildirýänler onuň bilen hoşlaşyp bilerler.
Soňra ol Santos şäheriniň köçeleriniň biri bilen jaýlanjak gonamçylygyna äkidiler.
Braziliýada Peläniň aradan çykandygy sebäpli 3 günlük ýas yglan edildi.
Mälim bolşy ýaly, Pele düýn 82 ýaşynda aradan çykdy. Ol futbolyň şasy hem-de 3 gezek dünýä çempiony bolmagy başaran ýeke-täk futbolçydyr.
