DÜNÝÄ

Halaf Halafow: Türkmenistan strategik hyzmatdaşymyz

Paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow Türkmenistanyň Azerbaýjanyň strategik hyzmadaşy bolup durýandygyny belledi.

Azerbaýjanyň daşary syýasat edarasynyň wekili Türkmenistan bilen 100-den gowrak ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekilendigini belläp, Hazar deňzindäki “Dostluk” känini özleşdirmek babatda ähtnama we “swop” görnüşindäki tebigy gaz ylalaşygynyň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem ol iki ýurduň deňiz portlarynyň arasynda gatnawlaryň ýola goýlandygyny belledi. Iki ýurduň arasynda hem sebitleýin hem-de halkara derejesinde iri taslamalaryň amala aşyrylýandygyny bellän Halaf Halafow Hazar deňziniň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ykdysayd gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýändigini mälim etdi.

Hazar deňziniň möhüm ulag geçelgeleriniň “Günbatar-Gündogar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlarynyň çatrygynda bolup, diňe bir Türkmenistan we Azerbaýjan üçin däl, eýsem beýleki ýurtlaryň hem uly gyzyklanmasyna eýe bolýandygyny aýtdy.

– Häzirki wagtda dünýäde köp sanly üýtgeşmeler bolup geçýär. Ählumumy howpsuzlykda käbir kynçylyklar döreýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň köptaraplaýyn dialogyň ösdürilmegine möhüm ähmiýete eýedir. Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredileline köp wagt geçmändigine garamazdna, eýýäm onuň düzümine 20-den gowrak ýurt girýär – diýip, Halaf Halafow belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar