SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ähtnama gol çekildi

ABŞ-nyñ Döwlet sekretarynyñ Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Donald Lu, ABŞ-nyň Saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary departamentiniň, ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adyndan, ABŞ-nyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdi.  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministri Atageldy Germanow, Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ähtnama gol çekdi.

Bu ähtnama iki hökümetiň arasynda saglygy goraýyş hyzmatlary, şol sanda adatdan daşary keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, öňüni alyş we kliniki saglygy goraýyş, saglygy goraýyş pudagynda sanly çözgütlerini durmuşa geçirmek, we ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy üpjün edýär.

Gatnaşyjylar özara maslahatlaşmalar, hünärmenler we maglumat alyş-çalyşlary, bilelikdäki taslamalar, simpoziumlara we konferensiýalara gatnaşmak, makalalary çap etmek we özara gyzyklanýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň beýleki usullary arkaly bu düşünişmek arkaly ähtnamany durmuşa geçirmegi maksat edinýärler.  Mundan başga-da, bu ähtnama lukmançylyk bilim edaralary, lukmançylyk edaralary we iki ýurduň saglyk ulgamlary bilen baglanyşykly beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda göni aragatnaşyk saklamaga kömek eder.

 

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy