DÜNÝÄ

Hindistanyň ilkinji saýlawçysy aradan çykdy

Hindistanyň taryhyndaky ilkinji saýlawçysy Şýam Saran Negi  öz ýaşaýan demirgazyk Himaçal-Pradeş ştatynda 106 ýaşynda aradan çykdy. “Press Trust of India” habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, ol öz ýaşan döwründe 34 gezek dürli saýlawlarda ses berdi.

Şýam Negi daglyk Kalpa obasynda mekdepde mugallym bolup işläp, 1951-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Hindistanyň garaşsyzlyk taryhyndaky ilkinji ählumumy parlament saýlawlaryna ses beren ilkinji resmi saýlawçydyr. Bu saýlawlar Hindistan 1947-nji ýylda Beýik Britaniýadan aýrylyp, garaşsyzlygyny yglan edenden soňra geçirilen ilkinji saýlawlardyr.

Ähli Hindistan 1952-nji ýylyň fewralynda ses berdi, ýöne ýurduň daglyk sebitleri 5 aý öň ses berlişige gatnaşdy. Sebäbi fewral aýynda köp sanly daglyk sebitlerinde gar sebäpli aragatnaşyk çäklenýär.

Şondan Negi resmi taýdan hasaba alnan ilkinji saýlawçy boldy we ol Hindistanyň taryhyna öz adyny ýazdyrdy. Şeýle hem mekdep mugallymy özüniň obadaşlaryna saýlawlara işjeň gatnaşyp, ses bermegine ýardam etdi. Şondan bäri Negi ýurtda geçirilen ähli saýlawlarda öz sesini berdi.

Soňky gezek Şýam Negi 2022-nji ýylyň 2-nji noýabrynda poçta arkaly sebit saýlawlarynda ses berdi.

Şýam Neginiň aradan çykandygy sebäpli ýurduň Premýer-ministri Narendra Modi hem öz gynanjyny bildirdi. Ol Himaçal-Pradeş ştatynyň Sundernagar şäherinde saýlaw kampanýasynyň ýygnagyna gatnaşypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma