SPORT

Türkmen türgenleri 10 aýda 341 medal gazandy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Sportuň ösdürilmegine we türgenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen çäreler dowam etdirildi. Halkara sport ýaryşlarynda 341 medal gazanyldy, olarda üstünlikli çykyş eden türgenlere dabaraly ýagdaýda sylaglar gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirilip, onda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny düşündirmek boýunça işler yzygiderli alnyp baryldy, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen ylmy-amaly maslahatlar, beýleki çäreler guraldy.

Ýene-de okaň

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri