JEMGYÝET

Türkmen-rus bilelikdäki uniwersitetiň düýbi tutular

Şu günler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna sapary dowam edýär. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen gepleşikler geçirdi.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, ýokary derejedäki duşuşykda türkmen-rus medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklar barada hem pikir alşyldy. Hususan-da, Aşgabatda döredilmegi göz öňünde tutulýan bilelikdäki türkmen-rus uniwersiteti barada hem bellenilip geçildi.

Walentina Matwiýenko bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüniň 2023-nji ýylda tutulyp bilinjekdigini habar berdi.

– Halk Maslahatynyň Başlygyna rus diline, rus medeniýetine berýän ünsi üçin öz hoşallygymy bildirmek isleýärin. Biz şol bir wagtda Aşgabatda döredilmegi göz öňünde tutulýan türkmen-rus uniwersiteti baradaky balangyç üçin hem minnetdardyrys. Biz öz gezegimizde bu ugurda bize düşen işleri ýerine ýetirmek üçin tagalla edýäris – diýip, Walentina Matwiýenko belläp geçdi.

Şeýle hem Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geljek ýyl Rus dili ýylynda bu ýokary okuw mekdebiniň düýbüniň tutulyp bilinjekdigini mälim edendigini aýdyp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynda türkmen-rus uniwersitetini döretmek başlangyjy öňe sürlüpdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hem bu başlangyjy goldap, Türkmenistan üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýardygyny belläpdi.

Häzirki wagtda Russiýada 30 müňden gowrak türkmen talyby ýurduň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär