BIZNES

CNPC: türkmen gazynyň 340 milliard kubmetri satyn alyndy

Şu gün Aşgabatda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahatynda çykyş eden Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Sziszýun 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistandan 60 milliard dollar möçberinde 340 milliard kubmetre golaý tebigy gaz satyn alnandygyny belledi. Bu barada “Ria Nowosti” habarlar gullugy habar berýär.

2009-njy ýylda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý tebigy gaz geçirijisi ulanmaga berildi. Türkmenistan häzirki wagtda Hytaýa turba geçiriji arkaly tebigy gaz iberýän iri ýurtdyr.

CNPC kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aşgabatdaky forumda eden çykyşynda Hytaýyň Türkmenistan bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Onuň bellemegine görä, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň aladalary we goldawlary bilen tebigy gaz ýataklaryny işläp düzmek, tebigy gaz söwdasy, inženerçilik-tehniki hyzmatlar, şeýle hem enjamlaryň we materiallaryň satyn alynmagy babatda oňat netijeleriň gazanylandygyny belledi.

– Häzirki wagtda Hytaýa umumy bahasy 60 milliard dollara barabar bolan 340 milliard kubmetre golaý türkmen gazy iberildi. Bu iki ýurduň ykdysady ösüşine we halklaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär – diýip, Hou Sziszýun belläp geçdi.

Şeýle hem Hytaýyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy 2040-njy ýyla çenli tebigy gazyň we nebitiň dünýä bazarynda esasy energiýa çeşmesi derejesine saklap galjakdygyny mälim etdi.

– Esasan hem, tebigy gaz gazylyp alynýan pes uglerodly energiýa çeşmesi hökmünde pes uglerodly energiýa geçmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolar – diýip, Hou Sziszýun aýtdy.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi