JEMGYÝET

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan harby ýöriş

Şu gün Türkmenistan döwletimiz özüniň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň çar tarapyny gurşap alan dabaralara dünýäniň köp ýurdundan myhmanlar geldi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli möhüm wakalar paýtagtymyzdaky Döwlet münberi toplumynda geçirildi. Bu ýerde geçirilen dabaraly ýörişe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan esasy dabara Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem-de Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bar.

Döwlet münberindäki dabara harby ýöriş bilen başlady. Däp bolşy ýaly, ýörişiň dowamynda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny üpjün etmäge niýetlenen häzirki zaman ýerüsti, howa uçar tehnikalary we ýaraglar görkezildi. Harby düzümleriň esgerleri bolsa öz ukyp-başarnyklaryny, nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezdiler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy