SIZDEN GELENLER

Energetika dip­lo­ma­ti­ýasy ro­waç­lyk ýo­lun­da

Dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, tebigy gazyň gorlaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny düýpli artdyrmak, ulgama ýokary netijeli innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy wezipeleri bolup durýar.

Biziň ýurdumyz geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» ibermek boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeläp, dürli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlaryna tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin hem uly kuwwata eýedir. Bu ugurda häzirki zamanyň öňdebaryjy enjamlary we täzeçil tehnologiýalary bilen üpjün edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu toplum ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny pugtalandyrmakda, multimodal ulag geçelgelerini ösdürmekde we halkara söwdanyň möçberlerini artdyrmakda diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin hem möhüm orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolup, durnukly energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Çünki Türkmenistanyň daşary syýasy konsepsiýasynyň esasy ýörelgesi dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä döwletleriniň bähbidine «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, sebit we halkara derejesindäki iri taslamalaryň başyny başlap, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça netijeli teklipleri öňe sürýär. Durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika ulgamynyň halkara derejesinde ygtybarlylygynyň hem-de durnuklylygynyň üpjün edilmegini ileri tutýar. Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň orny» atly Kararnamalaryň iki gezek kabul edilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça syýasatymyz hem bellenen meýilnamalara laýyklykda dowam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etmek işleri alnyp barylýar. Bulardan başga-da, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny 2022 — 2028-nji ýyllar üçin milli ykdysadyýetiň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatlary, wezipeleri, esasy ýörelgeleri, ileri tutulýan ugurlary we garaşylýan netijeleri, şeýle hem olary durmuşa geçirmek boýunça çäreler Maksatnamada öz beýanyny tapýar.

Gaz pu­da­gyn­da göz öňün­de tu­tul­ýan çä­re­ler Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz­ ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­ny ta­mam­la­ma­ga, ga­zyň bü­tin­dün­ýä sa­na­wy­na go­şu­lan gor­la­ry­ny çalt dep­gin­ler bi­len öz­leş­dir­mä­ge, de­ňiz ýal­pak­ly­gyn­da we ke­nar­ýa­ka zo­lak­da ýa­kyn ýyl­lar­da «ma­wy ýan­gy­jyň» çy­ka­ry­ly­şy­ny düýp­li art­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dir­mä­ge, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­niň gel­je­gi uly ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mä­ge we ola­ry bu ugur­da­ky iri tas­la­ma­la­ra çek­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dir­mä­ge, de­giş­li önüm­çi­lik­le­ri gur­mak ar­ka­ly ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi­niň çyg­ry­ny gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­ler.

Ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy­nyň art­dy­ryl­ma­gy Bal­kan­ýa­ka we Gö­ge­ren­dag — Eke­rem se­bit­le­rin­dä­ki çuň ýer­le­şen gat­lak­la­ryň, şeý­le hem Ha­zar­ýa­ka se­bi­tin­de tä­ze ýü­ze çy­ka­ry­lan zo­lak­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi bi­len bag­la­nyş­dy­ry­lar.

Azat Jumadurdyýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň “Nebit we gaz känleriniň maşynlary we enjamlary” kafedrasynyň “Tehnologiki maşynlar we enjamlar” taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyllyk talyby.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri