Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine barýan eziz Watanymyzda nurana baýramymyz — Bilimler we talyp ýaşlar güni uly üstünliklere beslenýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda täze okuw ýyly başlandy.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda peder ýoluny mynasyp dowam edip, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýar, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da rowaçlandyrmak üçin taýsyz tagallalary edýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen çuň many-mazmuna ýugrulan şygaryny ýörelge edip durmuşa geçirýän döwletli işleri ýurdumyza uly üstünlikler, halkymyza egsilmez şan-şöhrat getirýär. Durmuşa geçirýän köpugurly özgertmeleri türkmen ykdysadyýetiniň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, milli bilim ulgamyny halkara derejesine çykarýar.
Häzirki wagtda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha berkidilýär, okatmagyň iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kaşaň bilim ojaklaryny gurup, halkyň hyzmatyna bermek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki ösen döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleri döredilýär, olarda ylmy-innowasion ösüşi üpjün etmäge niýetlenen täze hünärler yzygiderli açylýar we kabul edilýän talyplaryň sany ýylyň ýylyna yzygiderli artdyrylýar. Biz — bilim işgärleri, durmuşymyzyň her bir pursatynda döwlet Baştutanymyzyň gymmatly maslahatlaryny we kömek-goldawlaryny duýup, döredijilikli zähmetiň hözirini görüp ýaşaýarys.
Häzirki wagtda ýurdumyz bilimi ösdürmegiň has belent tapgyryna gadam basdy we «Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasy» pudagyň ähli ugurlarynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Bilim ulgamynyň ähli düzümlerinde okatmagyň we işleri alyp barmagyň sanly serişdelerini ornaşdyrmak ýola goýuldy.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda, täze bilim ojaklary gurulýar. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işi dünýä ölçeglerinde has-da kämilleşdirilýär.
Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar.
Berkarar ýurdumyzyň bilim işgärleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem işi täzeçe guramagyň, giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşmagyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Olar täze güýç, uly hyjuw bilen täze 2022 — 2023-nji okuw ýylyna başladylar. Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda döwrebap terbiýelemekde, döredijilik ukyplaryny ösdürip, hemmetaraplaýyn başarjaň, ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmekde we bu babatda öňdebaryjy iş tejribeleri, okatmagyň has işjeň usullaryny ýüze çykarmakda mugallymlara täze-täze gözlegler, çemeleşmeler garaşýar.
Bilimli ýaşlar Watanymyzyň geljegidir. Ajaýyp zamanamyzyň bu buýsançly hakykaty bilim işgärleriniň alyp barýan köptaraply okuw-terbiýeçilik işiniň esasy mazmunyny kesgitleýär. Şonuň üçinem olar bu ugurda döwrebap işleri durmuşa geçirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarlar.
Jennet Berdimyradowa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň maglumat ulgamlary
we tehnologiýalary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.