SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Beýik Ýüpek ýoly” halkara syýahatçylyk merkezi açyldy

Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly” halkara syýahatçylyk merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

2019-njy ýylda Özbegistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Samarkant etrabyndaky kanalyň boýunça 212 gektar meýdanda ägirt uly syýahatçylyk toplumynyň taslamasynyň gurluşygyna girizildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine halkara tejribeli binagärler we inženerler topary gatnaşdyryldy.

Ýerli gurluşykçylar bilen bir hatarda bu taslamanyň gurluşygyna Tükriýeden, Beýik Britaniýadan we Italiýadna tejribeli hünärmenler gatnaşdy. Pandemiýa bilen baglanyşykly kynçylyklara garamazdan, bu toplumyň gurluşygy tamamlandy.

Ýylda 2 million syýahatça hyzmat bermäge mümkinçilik berýän köp ugurly merkezde 8 sany döwrebap myhmanhana, kongress merkezi, “Hemişelik şäher” toplumy, amfiteatr we beýleki köp sanly desgalar bar.

Toplumyň çäginde 280 müň bezeg agaçlary we gyrymsy agaçlar oturdyldy we 170 gektar ýaşyl meýdanlar döredildi.

Şeýle hem Samarkant oblastynda 50 töweregi medeni miras ýerlerini dikeltmek we sebitde 600-den gowrak häzirki zaman myhmanhanalary gurmak meýilnamalary düzüldi. Şäheriň özünde jemgyýetçilik ulag ulgamy düýpgöter özgerdiler we elektrik awtobuslarynyň hereketi ýola goýlar.

Täze syýahatçylyk merkezi Samarkant şäherine gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň artmagyna goşant goşar/ Ýakyn ýyllarda bu şähere 1,5 million jahankeşdäniň gelmegine garaşylýar.

Häzirki wagtda Özbegistanyň öňünde goýan maksatlarynyň biri öňümizdäki 5 ýylda daşary ýurtly jahankeşdeleriň sanyny 2 milliondan 9 milliona ýetirmekden ybaratdyr. Şeýle hem syýahatçylyk pudagyndaky iş orunlarynyň möçberini 500 müň adama çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Syýahatçylyk pudagynda tejribeli hünärmenleri ýetişdirmek üçin Samarkantda “Ýüpek ýoly” halkara syýahatçylyk we medeni miras uniwersiteti hereket edýär. Bu ýokayr okuw mekdebinde 6 ýurtdan 1 müňden gowrak talyp bilim alýar. Daşary ýurtly professor mugallymlaryň hem sapak berýän uniwersitetinde  20 müň kitap gory bolan döwrebap kitaphana we golýazma gaznasy hereket edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri