JEMGYÝET

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet maslahaty geçiriler

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda alnyp barylýan işlere baha berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti sentýabr aýynyň ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli wakalara baý boljakdygyny belläp, baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere, aýratyn-da 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Döwlet maslahatyna häzirden gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi.

Maslahatda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine serediljekdigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti bu maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 1-nji sentýabrda geçiriljek VII gurultaýynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň wajypdygy bellenildi.

Related posts

Howa maglumaty: 21-27-nji iýun aralygy

Sowgatly Atavatan Krossword bäsleşigine gatnaşmak üçin agza bolmak

Ata Watan Eserleri

23-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri