SPORT

Türkmen türgeni – «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň ýeňijisi

«Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. “Ýüpek ýoly” rallisi her ýyl geçirilýän meşhur awtosport ýaryşlarynyň biridir. Ýewraziýa yklymyndan geçirilýändigi üçin ýaryşyň ady sebit bilen baglanyşyklydyr.

Bu rallide T2 ýaryşynyň çäklerinde türkmen türgenleri başdan bäri özleriniň tejribelerini görkezdiler we uly üstünligi gazanmagy başardylar.

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň sürüjilerinden Merdan Toýlyýew 10 tapgyrdan ybarat bolan «Ýüpek ýoly» halkara rallisinda ýeňiji bolmagy başardy.

Halkara ralliniň resmi saýty bolan “silkwayrally.com” saýtyndaky habara görä, Merdan Toýlyýew bilen Şamyrat Gurbanowyň arasynda soňky tapgyra çenli gyzykly bäsleşik geçdi.

Netijede, soňky tapgyrda hem Merdan Toýlyýew gowy netije görkezip, ýeňiş gazanmagy başardy.

2022-nji ýylda geçirilen ralli ýaryşy 7-nji iýulda Russiýanyň Hazar deňiziniň kenaryndaky Astrahan şäherinde badalga aldy we şu gün Moskwa şäherinde jemlendi.

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň düzümindäki türgenler “Nissan Patrol” awtoulaglar bilen ýaryşa goşuldylar.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar