SPORT

3 minutda gazanylan ýeňiş

Çempionlar ligasynyň “utulan-çykdy” formatyndaky duşuşyklary geçirilip başlandy. Diňe bir duşuşykdan ybarat ýaryşda Fransiýanyň PSŽ topary bilen Italiýanyň “Ataanta” topary oýnady. 26-njy minutda “Atalantanyň” futbolçysy Mario Paşaliç toparyny öňe çykardy.

Örän çekeleşikli geçen duşuşykda düzüminde Neýmar, Mbappe ýaly futbolçylar bolan PSŽ topary has erjel oýun görkezip, 3 minutda 2 pökgi geçirip, ýayrm finala çykmagy başardy. 90-njy minutda Markinosyň we 90+3-nji minutda Şupo-Motingiň  gollary bilen ýeňiş gazandy.

PSG ýarym finalda “RB Leipzig” (Germaniýa) – “Atletiko” (Ispaniýa) jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli togtadylyp, täzeden bat alan Çempionlar ligasynyň  çärýek final tapgyryndan başlap, duşuşyklar “Jemleýji sekiz” formatynda Portugaliýada geçirilýär.

Related posts

Tennisçi aýdym-saz toplumyny çykardy

Messi hem koronawirus boldy

Ata Watan Eserleri

“Dinamo Kiýew” – Ukrainanyň çempiony