DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantdaky meşhur obserwatoriýa baryp gördi

Şu gün Özbegistanda iki günlük döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanýan taryhy künjeginde — Samarkant şäherinde bolup, onuň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere baryp gördi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde elektron neşirinde habar berilýär.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Ulugbegiň meşhur obserwatoriýasyna syn etmek bilen, orta asyrlara degişli bu özboluşly desganyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Ulugbegiň obserwatoriýasy 1424 — 1428-nji ýyllarda Samarkandyň golaýynda ýerleşýän Kuhat baýrynda gurlan obserwatoriýanyň galyndylaryny özünde jemleýär. Oňa emir Teýmiriň şol döwürlerde Samarkandyň hökümdary bolan agtygy Ulugbegiň hut özi ýolbaşçylyk edip, obserwatoriýada alnyp barlan ylmy işleri ýakyndan goldapdyr we alymlary has-da höweslendiripdir. Silindr görnüşli üç gatly binanyň beýikligi 30 metr bolup, ol ýerde ölçeýji gural — sekstant goýlupdyr. Şonuň kömegi bilen Güne, Aýa, beýleki asman jisimlerine gözegçilik edilipdir.

 

Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady

Ýene-de okaň

Gyrgyzystan ilkinji ekologiýa taýdan amatly şäher gurlar

Türki döwletleriň guramasynyň 12-nji resmi sammiti Azerbaýjanda geçiriler

ABŞ-da uçar heläkçiligi boldy

Türkmenistan bilen Monako medeniýet, sport we haýyr-sahawat pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Merkezi Aziýada saparda bolar

Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň üçtaraplaýyn duşuşygy