DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa döwletleriniň sammiti Gyrgyzystanda geçiriler

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy Gyrgyz Respublikasynda geçiriler. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlikde bellenilip geçildi.

Gyrgyz metbugatyndaky habar görä, döwlet Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşlikde gyrgyz-özbek dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Sadyr Žaparow we Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyny taýýarlyk görmek we onuň gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyny Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-ata şäherinde şu ýylyň 21-nji iýulynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bu ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin çakylyk alandygy bellenildi.

Soňky gezek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi.

Türkmenistanda geçirilen duşuşyk Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji Konsultatiw duşuşygy bolupdy. Onuň ilkinjisi 2018-nji ýylda Gazagystanda, ikinjisi 2019-njy ýylda Özbegistanda geçirilipdi. Nobatdakysy 4-nji duşuşyk bolar.

 

 

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy