JEMGYÝET

Putin Aşgabatdaky Hazar sammitine gatnaşar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat-sekretary Dmitriý Peskow habar berdi.

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat-sekretary Peskowdan Wladimir Putiniň Hazar sammitine gatnaşyp-gatnaşmaýandygy soraldy. Peskow Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek sammitine Putiniň gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.

Şeýle hem Peskow bu sammitiň çäklerinde geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşyklar barada maglumat beriljekdigini belledi.

 

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti Aşgabatda geçiriler

Related posts

«Bäherden» keramiki önümler kärhanasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Owganystanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi