BIZNES

Türkmenistanyň dokma önümleri Günorta Koreýada görkezildi

Şu gün, 23-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilýän “2022 – Import harytlaryň” sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu abraýly çärede Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär.

Bu halkara sergä dünýäniň 60-dan gowrak ýurt hem-de 70 töweregi kompaniýalaryň gatnaşmagynda geçirilýän Import harytlaryň sergisinde Türkmenistanyň milli pawiliony hem gurnaldy.

Köpugurly sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, hususan-da, «Nusaý», «Gala», «Goza», «Merw», «Bedew» ýaly haryt-nyşanly ýokary hilli egin-eşikleriň, trikotažyň, jinsiniň, keteniniň, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Şonuň ýaly-da, milli pawilionda Gahryman Arkadagymyz kitaplary bilen birlikde döwletimiziň dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri barada gürrüň berýän kitapçalar, çeper elli zenanlaryň dokan türkmen halysy, milli el işleri, zergärçilik ýaly ekspozisiýalar goýlupdyr.

Milli önümlerimiziň Halkara sergisiniň diwarlyklaryny bezemegi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň aýratyn manysy bardyr. Türkmenistanda öndürilen önümleriniň bu sergä gatnaşmagy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant bolar.

Sergi öz işini şu ýylyň 25-nji iýunyna çenli dowam eder.

Jemgyýetçilik kabul edişligi

Ýene-de okaň

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär