Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gözegçilik edýän toplumlarynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» görkezilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bu resminamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri talabalaýyk hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zerur enjamlary, programma üpjünçiliklerini, serwerleri satyn almak we ornaşdyrmak, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web saýtlaryny kämilleşdirmek, hyzmat etmegiň elektron görnüşine geçmek, awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýady ulgamyny döretmek, olaryň goraglylygyny üpjün etmek, maglumat düzümleriniň durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna yzygiderli seljermeler geçirilip, olary kämilleşdirmek babatda zerur işler alnyp barylýar.
BÄSLEŞIKLI SÖWDALARDA SANLY ULGAM
Soňra wise-premýer Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde harytlary satyn almak boýunça bäsleşikleriň hem-de döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň sanly ulgamyny işe girizmek barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hödürlenen taslamany makullady we bu ugurdaky işi dowam etdirmegi tabşyrdy.
MENZILARA ONLAÝN TÖLEG ULGAMLARY
Mejlisiň dowamynda wise-premýer sanly ulgamyň ösüşini kämilleşdirmek, “Internet bank” ulgamynyň gerimini giňeltmek, menzilara onlaýn töleg ulgamlaryny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. 2019-njy ýyldan bäri şeýle hyzmatlar “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan amala aşyrylýar. Bu hyzmatlara müşderileriň uly isleg bildirýändigini we gazanylan tejribäni göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýuridik şahslar we hususy telekeçiler üçin “Internet bank” ulgamyny «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynda, «Halkbank», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynda hem ulanyşa girizmek baradaky teklip hödürlenildi.