MEDENIÝET

Amerikada Türkmen Dutarynyň owazy täzeden ýaňlanar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Türkmen Dutarynyň owazy täzeden ýaňlanar. Nobatdaky konsert Wesleyan Üniwersitetinde Memorial Chapel zalynda geçiriler. Aprel aýynyň 25-indäki konsertde “Oglan bagşy” çykyş eder.  Konsertiň ady : Turkish Makam to Turkmen Mukam

Öň habar berşimiz ýaly, aprel aýynyň 13-ine Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Bennington Kollejinde “Türkmenistanyň halk aýdym-sazy” atly gara gazma dutaryna bagyşlanan konsert bolupdy.  Şol konsertde “Oglan bagşy” ady bilen dünýäniň dürli künjeginde tanalýan Muhammetgeldi  Geldinejat çykyş edip, Türkmen dutary bilen ýerine ýetirilen sazlary we ajaýyp aýdymlary Amerikadaky sungat muşdaklaryna ýetiripdi.

Bu üstünlikli çykyşdan soň, Amerikanyň saz alymlary we muştaklary tarapyndan Türkmeniň dutarynyň gudratyny görkezjek ýenede täze konsert gurnarlar. Bu konsert şu aýyň 25-ine ýerli wagt bilen sagat 21-de, aýdym-saz ugury boýunça in abyraýly okuwlarynyň biri bolan Wesleyan Üniwersitetinde Memorial Chapel zalynda geçiriler. Türk makamyndan Türkmen mukamyna syýahat diýlip bellenen konsertde neý we dutar owazlary sazlaşar! Konserte Türkiýeden  Ridwan Aýdynly hem çykyş eder.

Ýatlatsak “Oglan bagşy” 2019-ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýany tamamlady.

konsertiň linki:

https://www.wesleyan.edu/cfa/events/2022/04-2022/04252022-ridvan-aydinli-graduate-recital.html

Ýene-de okaň

Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

«Balkan Trip TV» teleýaýlymy türkmen zergärleriniň ussatlygy barada gepleşik taýýarlaýar