Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň gadymy seýisçilik sungatyny ösdürmek, kämilleşdirmek, behişdi bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça köpugurly işler alnyp barylýar.
Türkmen halky taryhyň ähli döwürlerinde owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen göreni haýran edýän bedewlerimize uly sarpa goýup gelipdir. Türkmen halkynyň «At — myrat, ogul — döwlet», «Aty baryň ganaty bar», «At agynan ýerde toý bolar», «At dosty — ata dosty» diýen nakyllary-da bedewe söýgüsiniň subutnamasydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda atlary idetmek üçin ähli şertler döredilýär.
Häzirki zaman ylmynda bellige alnan birnäçe at tohumlarynyň arasynda ahalteke aty iň gadymysy hasaplanylýar. Dünýä atşynaslygynyň gözbaşy hasaplanýan meşhur türkmen bedewlerimiz şol gymmatlyklaryň iň naýbaşysydyr.
Türkmen halkynyň dünýä beren ajaýyp gymmatlyklarynyň hatarynda uz ýörişli, ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimize aýratyn orun degişlidir. Müňýyllyklaryň dowamynda dünýä halklaryny haýrana goýan dal bedewlerimiz bu gün türkmeniň milli buýsanjyna öwrüldi. Duýgurlykda, wepalylykda deňi-taýy bolmadyk türkmen bedewi, merdana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda ösdürip, sungat derejesine ýetiren ajaýyp bedewşynaslyk hem-de seýisçilik sungaty Alym Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaňadan rowaçlyklara beslenip, özboluşly ýyndamlygy, aýratyn göze gelüwliligi bilen göreni haýrana goýýan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belende göterilýär.
Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykarylan sungat eserleridir toýun önümleriniň ýüzünde gabat gelýän atyň şekilleri ýa-da olar bilen baglanyşykly tapyndylar şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde türkmen bedewiniň tarypynyň belentden tutulandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine gadymy Gündogar şalygy Margiananyň ýerlerinde, Murgabyň köne akabasynyň çäklerinde hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän adamzat medeniýetiniň ilkinji medeni ojaklarynda uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen arheologik barlaglary wagtynda ýüze çykarylan taýçanagyň we atlaryň süňkleriniň (ystyhanynyň) mysalynda hem doly göz ýetirmek bolýar. Munuň özi-de Merkezi Aziýa ýerlerinde atyň eldekileşdirilmeginiň taryhynyň biziň ata Watanymyz Türkmenistanyň ýerleri bilen baglanyşdyrylmagynyň esasy subutnamalarydyr.
Gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri türkmen toýlarynyň bezegidir. Ajaýyp şaý-seplere bezelen ahalteke bedewlerini göreniňde buýsanjymyz goşalanýar. Türkmen edebiýatynda mynasyp orun alan bedewler bu gün biziň göz guwanjymyzdyr. Pederlerimizden miras galan eserleri gorap saklamak, olary nesillere geçirmek biziň jana-jan borjumyzdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewleriniň waspy has-da belentden ýaňlansyn!