SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Pandalar Katara göçerler

Pandalar Hytaýdan Katara göçerler. Haýwanlar Pars aýlagynyň kenarynda açyljak ýörite seýilgähde ýaşarlar.

Bu seýilgäh 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda açylar. Ol Kataryň demirgazygynda Al-Hore şäherine ýerleşer. Pandalaryň ýaşamagy üçin zerur bolan daşky gurşawyň 70 göterimi taýýar. Bu ýerdäki şertler Hytaýyň kesgitlän howa şertlerine laýyk bolar. Aziýanyň aýylary seýilgähde düýeguş, tawus we bürgüt ýaly haýwanlar bilen goňşy bolup ýaşar.

Seýilgähiň temperaturasynyň degişli görkezijide saklamak üçin köp sanly agaçlar oturdyldy we dürli ösümlikler ösdürip ýetişdirildi. Emeli köl guruldy. Pandalar üçin sowadyjylar guruldy, bu hem Kataryň yssy howasynda özleriniň oňat duýmagyna ýardam eder.

 

THY: Türkmenistan ugurly nobatdaky ýörite gatnaw

Related posts

Türkmenistandan Kazana uçar gatnawlary

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Deli-Aşgabat ugry boýunça halkara gatnawlar ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty