“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we soňky döwürde haýyr-sahawat işlerine has köp üns berýän Bill Geýts täze kitabynyň çapdan çykmagynyň öňüsyrasynda pandemiýa barada beýanat berdi. Ol koronawirus sanjymlary arkaly adamlara çip dakylýandygy baradaky habarlaryň nädogrudygyny belläp geçip, geljekde koronawirus ýaly ýokanç keselleriň döremezligi üçin käbir tekliplerini beýan etdi.
Bill Geýtsiň öňümizdäki aýda “Nobatdaky pandemiýanyň nähili öňüni alarys” atly kitaby çapdan çykýar. Ol bu kitabynyň käbir bölümleri barada maglumat berdi.
Geýts tehnologiýa maýa goýumlaryň goýulmagy zerur bolup durýandygyny belläp: “Eger alymlar bejerginiň has çalt usullaryny oýlap tapan bolsalar, koronawirus pandemiýa tapawutly bolardy. Ölüm wakalary az bolup, nädogry maglumatlaryň ýaýramagy kyn bolardy” diýip belledi.
Ol koronawirusy ýeňmek üçin sanjymyň örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýdyp, koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň bir ýylyň dowamynda taýýarlanandygyny, näsaglaryň hassahana gitmezden bejergi almagy üçin bejergi usullarynyň entegem örän az möçberdedigini mälim etdi.
Geýts koronawirus ýokanjyna garşy tabletka görnüşindäki dermanlaryň çalt taýýarlanmagynyň möhüm bolup durýandygyny, 2021-nji ýylyň ahyrynda alymlaryň tagallasy bilen birnäçe dermanlaryň işlenip düzülendigini, ýöne olaryň käbiriniň entegem elýeterli däldigini belledi.
Ol sanjymlar ýaly tabletka görnüşindäki dermanlara hem ähmiýet berilmelidigini, sanjymlaryň taýýarlamagyň aňsat däldigini, dermanlaryň bolsa on müňlerçe adamyň durmuşyny halas etmek mümkinçiligine eýedigine ünsi çekdi. Geýts sanjym bar bolsa-da, dermanlara hem zerurlygyň bardygyny belläp, olaryň adamlaryň hassahanalara gitmegiň öňüni almaga şert döretjekdigini belläp geçdi.
Geýts şonuň üçin farmasewtika pudagyna maýa goýmagy maksat edinendigini belläp, özüniň ýolbaşçylyk edýän gaznasynyň Duke uniwersiteti bilen şertnama baglanyşyp, iş alyp barjakdyklaryny belledi. Ol bu ugurda üstünlik gazanan halatynda dünýäde täze ýokanç keseller ýüze çykan halatynda köp sanly adamy halas edip boljakdygyny belledi.