BILIM

“Açyk gapylar”: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary uniwersitet bilen tanyşdyrmak üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň okuw mekdebinde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ojagynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryňguralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdyrylar. Şeýle-de olara döwrebap okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, talyplaryňýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüňberler.

«Açyk gapylar» güni uniwersitetde we onuň Balkanabat bölüminde şu ýylyň 6-7-nji maýynda sagat 15:00-da başlanýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 8-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-13-05, 39-13-18.

Uniwersitetiň Balkanabat bölüminiň salgysy: Balkanabat şäheriniň G.Annaýew köçesiniň 76-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 4-93-62, 2-19-98.

 

 

Awazada dynç alyş möwsümine taýýarlyk görler

Related posts

Türkmen okuwçylary Singapurdaky halkara olimpiadada 6 medal gazandylar

Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi:“Açyk Gapylar 2023”

Ata Watan Eserleri

Russiýada okamak isleýän türkmenistanlylaryň dykgatyna!