BILIM

Koreýa Respublikasyndan Halkara gatnaşyklary institutyna tehniki kömek

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin kiçi göwrümli resmi kömek maksatnamasynyň (ODA) çäklerinde bu ýokary okuw mekdebine tehniki enjamlary we esbaplary gowşurmak boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri we institutyň ýolbaşçy düzümi gatnaşdy.

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin kiçi göwrümli resmi kömek (ODA) maksatnamasy bu döwletleriň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklary berkitmäge, esasan bilim we tehnologiýa pudagynda maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamadyr. Koreýa Respublikasy 2025-nji ýylda dünýä derejesinde ODA üçin ýokary derejede — takmynan 6,5 trillion won (4,8 milliard amerikan dollar töweregi) serişde böldi.
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda bu maksatnamanyň wezipesi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmakdan, Koreýanyň ösen tehnologiýalaryny Türkmenistanyň edaralaryna ornaşdyrmakdan, ýaş hünärmenleriň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen işlemegine şert döretmekden ybaratdyr.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar