SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitmek mümkinçiligi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýänyň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy şu ýylyň 22-nji aprelinde Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrýar.
Bu gatnaw barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik kanalynyň sahypasynda maglumat berlipdir. Onda hususan-da, Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitmek mümkinçiligi göz öňünde tutulyp, habar berlipdir.
Habarda Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan Russiýanyň raýatlarynyň bu gatnawdan peýdalanyp biljekdigi aýdylýar. Has içgin maglumat üçin “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Aşgabatdaky şahamçasy bilen habarlaşyp boljakdygy bellenilýär.
Şeýle hem ilçihananyň konsullyk bölüminde wiza almagyň düzgünleriniň Russiýanyň ilçihanasynyň resmi saýtynda çap edilendigi mälim edilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy mart we aprel aýlarynda Türkmenistan ugurly 5-nji gatnawyny amala aşyrar. Bu kompaniýa mart aýynda 3 gatnaw, ýagny-9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul, 14-nji we 26-njy martda bolsa, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawlary ýerine ýetirdi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi