SIZDEN GELENLER

Türkmenistanyň oba senagat toplumyny ösdürmekde bank karzlarynyň orny

Häzirki döwürde berkarar döwletimiziň başdan geçirýän Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Watanymyzda hususy telekeçilige aýratyn üns berilmegi, ýardam edilmegi netijesinde ol uly ösüşlere eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň  ep-esli bölegi döwlete degişli bolmadyk kärhanalarda telekeçileriň zähmeti bilen öndürilýär. Munuň özi ýurdumyzda telekeçiler üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň, ýeňillikleriň hem-de döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesidir.

Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligi ösdürmek we täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalary we biznes meýilnamasy döwlet toparyndan oňyn netijenama alnan ýagdaýynda ygtyýarly banklara bellenilen tertibe laýyklykda ýylda 5 göterim bilen, esasy serişdeler üçin 10 ýyla dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlet bilen milli pulda we daşary ýurt pulunda karzlary bermäge ygtyýar berildi. Harytlary we önümleri öndürmek, işlei we hyzmatlary ýerine ýetirmek arkaly telekeçilik işini amala aşyrýan hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligi ösdürmek we täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin karz bermäge ygtyýarly edilen banklaryň sanawy we olaryň ýöriteleşdirilen ugurlary aýdyňlaşdyryldy. Oňa laýyklykda Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagy boýunça karz bermeklige ygtyýarly edildi. Bank häzirki wagtda oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin täze ýerleri özleşdirmek we peýdalanylmaýan ýerleri dikeltmek, öz oba hojalyk önümçiligini ösdürmek we giňeltmek, oba hojalyk tehnikasyny edinmek, mal ýataklary, fermalary, kiçi önümçiligi gurmak, mallary, öý guşlaryny, ot – iýmleri, weterinariýa derman serişdelerini, ösümlikleri goramagyň himiki serişdelerini, mineral dökünleri, tohumlary, şitilleri, agaç nahallaryny satyn almak, şeýle hem oba hojalyk pudagynda telekeçilik işiniň beýleki görnüşlerini karzlaşdyrmaklygy amala aşyrýar. Karzlar ýokarda agzalan işleri maliýeleşdirmek üçin meýilleşdirilýän çäräniň 30 göterimini telekeçileriň öz hususy serişdelerini goýmak şertinde, maýa goýum taslamasynyň  70 göterimi möçberinde berilýär. Hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçiligi goldamak üçin kabul eden il – bähbitli kararyndan gelip çykýan wezipeleri doly we dogry berjaý etmek üçin bank tarapyndan ähli zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýeňillikli karz almaklyga isleg bildirip banka ýüz tutan telekeçilere karz almaklygyň şertleri, karzyň berliş tertibi, bankdan karz pul almaklygyň hereket edýän tertip – düzgünleri barada giňişleýin düşündiriş we maslahat beriş işleri geçirilýär.Bankyň karz komiteti Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň wekilleriniň gatnaşmagynda alnan resminamalaryň bukjasyna laýyklykda, telekeçileriň maýa goýum taslamalarynyň wajyplygyna, maksada laýyklygyna, önümçiligiň ýerleşdirilmeginiň netijeliligine, iş bilen üpjünçiligine baha berýär we döwlet toparynyň garamagyna geçirýär. Telekeçileriň biznes meýilnamasy döwlet toparyndan oňyn netijenama alnan ýagdaýynda karzlaşdyrmak işi amala aşyrylýar.Häzirki wagtda Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan daýhan hojalyklarynyň we telekeçileriň birnäçeleri ýeňillikli karz serişdelerini almaklyga isleg bildirip ýüz tutdylar. Olaryň maýa goýum taslamalary döwlet toparynyň garamagyna hödürlenildi we oňyn netije alnyp karz serişdeleri berildi.Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda görülip – eşidilmedik üstünlikleri gazanmak ugrundaky aýdyň ýola ymykly düşdi we syýasy, ykdysady durnuklylyga, durmuş taýdan ösüşe hem-de ruhy galkynyşa gadam basdy. Döwletimiziň maddy esasyny emele getirýän we ilatyň ýokary hilli ýaşaýşyny üpjün edýän milli ykdysadyýetimiz bolsa, günsaýyn kuwwatlanmak bilen, durnukly ösüşlere eýe bolýar. Telekeçilere karz bermeklik esasy serişdelere maýa goýmak üçin 10 ýyla çenli, dolanyşyk serişdelerini edinmek üçin 1 ýyla çenli möhlet bilen, ýeňillikli göterim bilen, ýagny ýyllyk 5 göterimli karzlaşdyrylýar. Telekeçilere berilýän  karzlaryň ilatdan mal, guş, agaç nahallaryny, şitilleri we tohumlary satyn almak üçin 10 müň manada çenli bölegini karz alyjynyň islegine laýyklykda nagt pul görnüşinde berilmegine ygtyýar berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän önümiň ep-esli bölegi döwlete degişli bolmadyk kärhanalarda telekeçileriň zähmeti bilen öndürilýär. Munuň özi ýurdumyzda telekeçiler üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň, ýeňillikleriň hem-de döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesidir.Harytlary we önümleri öndürmek, işlei we hyzmatlary ýerine ýetirmek arkaly telekeçilik işini amala aşyrýan hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligi ösdürmek we täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin karz bermäge ygtyýarly edilen banklaryň sanawy we olaryň ýöriteleşdirilen ugurlary aýdyňlaşdyryldy.Oňa laýyklykda Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagy boýunça karz bermeklige ygtyýarly edildi. Bank häzirki wagtda oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin täze ýerleri özleşdirmek we taşlanan ýerleri dikeltmek, öz oba hojalyk önümçiligini ösdürmek we giňeltmek, oba hojalyk tehnikasyny edinmek, mal ýataklary, fermalary, kiçi önümçiligi gurmak, mallary, öý guşlaryny, ot – iýmleri, weterinariýa derman serişdeleri, ösümlikleri goramagyň himiki serişdelerini, mineral dökünleri, tohumlary, şitilleri, agaç nahallaryny satyn alma, şeýle hem oba hojalyk pudagynda telekeçilik işiniň beýleki görnüşlerini karzlaşdyrmaklygy amala aşyrýar.Karzlar ýokarda agzalan işleri maliýeleşdirmek üçin meýilleşdirilýän çäräniň 30 göterimini telekeçileriň öz hususy serişdelerini goýmak şertinde, maýa goýum taslamasynyň  70 göterimi möçberinde berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçiligi goldamak üçin kabul eden il – bähbitli kararyndan gelip çykýan wezipeleri doly we dogry berjaý etmek üçin bank tarapyndan ähli zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýeňillikli karz almaklyga isleg bildirip banka ýüz tutan telekeçilere karz almaklygyň şertleri, karzyň berliş tertibi, bankdan karz pul almaklygyň hereket edýän tertip – düzgünleri barada giňişleýin düşündiriş we maslahat beriş işleri geçirilýär.Bankyň karz komiteti Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň wekilleriniň gatnaşmagynda alnan resminamalaryň bukjasyna laýyklykda, telekeçileriň maýa goýum taslamalarynyň wajyplygyna, maksada laýyklygyna, önümçiligiň ýerleşdirilmeginiň netijeliligine, iş bilen üpjünçiligine baha berýär we döwlet toparynyň garamagyna geçirýär. Telekeçileriň biznes meýilnamasy döwlet toparyndan oňyn netijenama alnan ýagdaýynda karzlaşdyrmak işi amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan daýhan hojalyklarynyň we telekeçileriň birnäçeleri ýeňillikli karz serişdelerini almaklyga isleg bildirip ýüz tutdylar.Ýurtda durnukly ösüşi gazanmakda innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçiligi, gaýtadan işleýän senagaty, hyzmat we syýahatçylyk pudaklaryny ösdürmeklik ileri tutulýar. Güýçli depginler bilen ösýän türkmen ykdysadyýetinde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary hem-de taýsyz tagallalary netijesinde häzirki zaman zawodlarynyň, fabrikleriň ençemesi önümçilige goýberilýär. Bu täze kuwwatlyklar bolsa, ýurduň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşýar, önümçilik üçin zerur bolan çig mallaryň we materiallaryň öz ýurdumyzda öndürilmegini üpjün edýär hem-de milli girdejiniň artmagyna ýardam berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda gazanylan we gazanylýan ähli üstünlikler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny  çuňlaşdyrmagyň özeni bolup durýan hususy telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly  bu il bähbitli işleri ýurduň ykdysadyýetiniň has hem pajarlap ösmegine, içerki bazarlarymyzda harytlaryň we hyzmatlaryň  bolçulygyny, müňlerçe täze iş orunlaryny döretjekdigi we halkymyzyň durmuş – ýaşaýyş şertlerini has hem gowulandyrmaga uly itergi berjekdigi şübhesizdir.

Akgül BAÝLYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Maýsa Çaryyewa ,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

 

Dünýäniň iň uly göwheri Dubaýda görkeziler

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…