DÜNÝÄ

Fransiýada 12 dalaşgärli prezident saýlawlary

Fransiýada 10-njy aprelde prezident saýlawlary geçiriler. Saýlawlara 12 dalaşgär gatnaşýar. Şol dalaşgärleriň hatarynda soňky bolup, ýurduň häzirki Prezidenti Emmanuel Makron goşuldy.

– Biz 65 dalaşgärden teklipler aldyk. Biz olaryň haýsysynda merleriň 500-siniň hem-de azyndan 30 departmentiň munisipial geňeşçileriň gollary alyp-almandygyny seljerdik. Şeýlelikde, olaryň 12-si dalaşgär hökmünde bellige alyndy – diýip, Fransiýanyň Konstitusion geňeşiniň ýolbaşçysy Loran Fabius habar berdi.

Dalaşgärlerden Žan-Lýuk Melanşon üçünji gezek gatnaşýar. Ol 2018-nji ýyldaky saýlawda 4-nji orny eýeledi.

Waleri Pekress “Respublikan” partiýasynyň ilkinji zenan dalaşgärdir. Ol ozalky Prezident Nikolýa Sarkozi döwründe bilim ministri wezipesini ýerine ýetiripdi.

Ozalky žurnalist we yazyjy Erik Zemmur bu saýlawlaryň garaşylmadyk sýurprizi boldy.

1965-nji ýyldan bäri Fransiýda döwlet baştutany saýlawlaryň ikinji tapgyrynda saýlanýar. Bu ýagdaý, ýurduň häzirki Prezidenti Emmanuel Makronda hem bolup geçipdi.

 

Türkmenistan Prezident saýlawlaryna taýýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Tailandaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

«Arkadag» topary «Al-Nasryň» garşysyna ak köýnekçede çykyş eder

Türkmenistanda ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary dereje duşuşyk geçiriler

BMG-niň Türkmenistandaky wekillerine döwlet sylaglary gowşuryldy

Russiýanyň ilçisi:Türkmenistan boýunça syýahat etmegi halaýaryn