SIZDEN GELENLER

Bütindünýä mobil kongresi geçirilýär

Ispaniýanyň Barselona şäherinde Bütindünýä mobil kongresi (Mobile World Congress, MWC) geçirilýär. Ol dünýäde tehnologiýa ulgamynda gazanylan soňky täzelikleri açyp görkezmek babatda möhüm meýdança bolup durýar.

Her ýyl geçirilýän we tehnologiýa äleminde däbe öwrülen kongresiň açylyş dabarasynda Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI we hökümet başlygy Pedro Sançes gatnaşdy.

MWC dünýädäki ykjam operatorlary, täjirleri we mazmun eýelerini birleşdirýän dünýädäki iň uly ykjam senagat söwda sergilerinden biridir. Adatça kongrese 100 müňden gowrak adam gatnaşýar. Ilkinji gezek bu kongres 1987-nji ýylda Brýusselde geçirildi. Şondan bäri dürli şäherlerde geçirildi. 2006-njy ýyldan bäri bu çäre Barselonada geçirilip gelinýär.

Bu gezekki gözden geçiriliş çäresine 183 döwletden 1,5 müň diwarlyk gatnaşýar. Olarda internet ulgamy, bulut tehnologiýasy, 5G ulgamy, fin tehnologiýays, emeli aň we täze mobil tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berilýär.

Alyhan Pirgulyýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetinin talyby.

 

 

Telekeçilik pudagynyň ösüşli menzilleri

Ýene-de okaň

Iňlis diliniň britan we amerikan görnüşleriniň arasyndaky aratapawutlar

Ata Watan Eserleri

Döwrebap bilim — özgertmeleriň özeni

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Saglyk – ýeke-täk baýlyk

Ata Watan Eserleri

Terbiýe — bagtyýarlygyň gözbaşy

Milli terbiýe — asylly ýörelge