Asly nurdan dörän türkmen halkymyzyň her biriniň kalby eziz Arkadag Prezidentimize bolan çäksiz alkyş sözlerine ýugrulandyr. Gahryman Arkadagymyz “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgäniň esasynda her bir türkmen raýatynyň arassa asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýär.
Bereketli türkmen topragynda agzybirligiň, asudalygyň we abadançylygyň hözirini görüp, sahawatly gelýän ýyllary ýokary zähmet joşgunyna besleýän ulus-ilimiziň maksatlary myrat tapýar.
Häzirki wagtda, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar hem-de beýik işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklige hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaklyga uly üns berilýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz: “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär. Diýmek biz, ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş girmelidiris” diýip, belläp geçmek bilen bu ugry has-da ýokary derejelere götermek boýunça taýsyz tagallalary edýär.
Bu günki gün, biziň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hem talyp ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak şeýle-de talyplaryň döwrebap bilim almaklary, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly hem-de olaryň geljekde özüniň saýlap alan hünäri boýunça kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda biziň uniwersitetimizde halypa mugallymlarymyzyň her bir okuw sapaklary sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly geçmekligi talyplaryň bilim derejesiniň has-da kämilleşmegine uly itergi berýär, umumy, amaly we söhbet sapaklary boýunça taýýarlanylýan wideo okuw ýazgylary hem biziň ylym, bilim dünýäsine aralaşmagymyz üçin uly itergi berji güýçdir.
Şeýle hem uniwersitetimiziň talyplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dersler boýunça geçirilýän olimpiadalaryna ýokary derejede taýýarlyk görýärler we öňdäki orunlary eýeleýärler. Munuň bilen birlikde halkara derejesinde geçirilýän internet olimpiadalaryna hem işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar we eziz diýarymyzyň halkara derejesindäki at abraýyny has-da belende götermekde özleriniň goşantlaryny goşýarlar.
“Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine bagş etmelidirler” diýip, ösüp gelýän ýaş nesle uly ynam bildirýän eziz Arkadag Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama uly rowaçlyklara beslensin!
Nurana Begmatowa,
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti
we dolandyrylyşy fakultetiniň talyby,
“Atly talyp hakynyň” eýesi.
23-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama