Gerekli önümler:
1litr süýt
1 bulgur şeker
ýarym bulgur tüwi
3 nahar çemçesi bugdaý krahmaly
1 sany wanilin
2 bulgur suw
Taýýarlanyşy:
Ojakda süýtli aş üçin, ilki tüwini gaýnadyň. Tüwini gowy ýuwanyňyzdan soň, bişýänçä 2 bulgur suw bilen gaýnadyň. Azajyk suwly galmalydyr. Geliň, beýleki önümleri goşalyň we süýtli aşy bişireliň. Gaýnadylan tüwä süýt we wanilin goşup, gaýnadyň. Garyndy gaýnap başlanda, şeker we ýarym bulgur süýt bilen garylan 3 nahar çemçesi bugdaý krahmalyny goşuň. Ýene 10-15 minut gaýnadyň we oduny öçüriň.
Geliň, süýtli aşlary peçde goýalyň. Peç üçin amatly ýylylyga çydamly süýtli aş gaplaryna guýuşdyralyň. Tabaňyzy sowuk suwdan dolduryň we süýtli aş gaplaryny çörek bişirilýän ýeriňize goýuň (tabadaky suw süýtli aş gaplarynyň ýarysyna ýeter). Tabany pejiňiziň iň üstki bölegine ýerleşdiriň. 180 gradus temperaturada, süýtli aşlaryňyz gyzarýança bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsun!
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentini gutlady