PEÝDALY MASLAHAT

“Petronas” kompaniýasyndan boş iş orunlary: buhgalter we lukman

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (kreditorlyk we debitorlyk bergisi boýunça).

Bildirilyän talaplar: dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: buhgalter hasaby we maliýe boýunça şahadatnamasy ýa-da deň derejeli resminamasy bolmaly.

Iş tejribesi: 2 ýyldan 5 ýyla çenli degişli pudakda iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «SAP» we «MS Office» programmalarynda işläp bilmeli.

Gyýanly obasynda işlemek üçin lukman.

Bildirilýän talaplar: dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: lukmançylyk bilimi hakynda diplomy we kliniki ordinaturada (möhleti 2 ýyl) taýýarlygy ýa-da hünär kämilleşdiriş okuwyny — internaturada (möhleti 1 ýyl) geçenligi barada şahadatnamasy bolmaly.

Iş tejribesi: rezýüme tabşyrylanda, dalaşgäriň kliniki ordinaturany we internaturany hasaba almazdan, soňky 5 ýylyň dowamynda yzygiderli umumy reanimasiýa boýunça tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: degişli ugur boýunça hünär taýýarlygy bolmaly hem-de «MS Office» programmasy bilen işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary https://shorturl.at/epCP2 elektron salgysy boýunça ýa-da «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Related posts

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ýaşaýyş jaý gatnaşyklary bilen baglanşykly peýdaly maglumatlar

Ata Watan Eserleri

Çagany perzentlige almagyň tertibi