BIZNES

Katarda Merkezi Aziýanyň guradylan miwe önümleriniň halkara sergisi geçiriler

Türkmenistanyň  we Katar döwletiniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylyň 1-nji ─ 10-njy marty aralygynda Katar döwletiniň Doha şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň guradylan miwe önümleriniň halkara sergisiniň guramaçylyk meselelerini we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Merkezi Aziýanyň oba hojalyk önümlerini dünýä bazaryna tanyşdyrmakda möhüm orny eýelejek bu sergi türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň täze sepgitlere çykmagyna ýol açar.

Related posts

ECO-93 benzininiň eksporty artdyrylar

Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny dörediler

«John Deere» kompaniýasy bilen ähtnama gol çekildi