BIZNES

Türkmenistan “Kiş Expo 2025” sergisine gatnaşýar

2025-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Kiş adasynyň halkara sergiler merkezinde “Kiş Expo 2025” atly halkara sergisi öz işine başlady. Sergi 19-24-nji ýanwary aralygynda  dowam edýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we onuň düzümindäki agza telekeçiler “Kiş Expo 2025” halkara segisine gatnaşýarlar. Bu sergi Türkmenistana öz eksport kuwwatyny giňeltmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem-de iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly mümkinçilik döreder.

Related posts

Aşgabatda IFT-2025 halkara sergisi geçiriler

«Döwletabat» Gaz Käninde Gaz Guýulary : Şertnamalar Baglaşmak

Türkmenistan bilen «Visa» kompaniýasy 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy