DÜNÝÄ

Milli Liderimiz Şaýmiýewi we Milleri doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe hem-de “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Millere telegrammalar iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Hususan-da Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe iberilen telegrammada milli Liderimiz onuň däp bolan dostlukly, netijeli türkmen-tatar gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandyny belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Mintimer Şaýmiýewi 85 ýaşy bilen hem-de “Keramtly Apostol Andreý Perwezwannyý” ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlady.

Alekseý Millere iberilen telegrammada milli Liderimiz “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gaz ulgamynda ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de möhüm hyzmatdaşydygyny kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşandyny belläp, köp ýyllyk bilelikdäki işiň dowamynda özara gatnaşyklaryň netijeli nusgasynyň kemala gelendigini hem-de özara bähbide, şeýle hem ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny nygtady.

Dörän mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Alekseý Milleri 60 ýaş ýübileýi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Zähmet Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady.

 

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

6-njy dekabrda “Ýaýa we Lenni” atly italýan animasiýaly multfilm görkeziler

Kuweýt Türkmenistana täze ilçi belledi

Gazagystanyň medeniýet ministri wise-premýerlige bellendi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi