JEMGYÝET

Halk Maslahaty: ulag we aragatnaşyk toplumy barada habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirilýär. Onuň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirilip, 2021-nji ýyl boýunça halk hojalygynyň dürli pudaklarynda alnyp barlan işlere seredildi.

Şoňa laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine degişli edaralarda edilen işler barada hasabat berildi:

  • Toplum tarapyndan hasabat döwründe edilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi 5 milliard 866 million manada deň boldy.
  • Hasabat döwründe täze goşmaça 365 iş orny döredildi.
  • “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 1 milliard 270 million manat möçberinde ulag hyzmatlary ýerine ýetirildi.
  • Demirýol ulagynda daşary ýurtlara ugradylan ýükler 138 göterim, ýurdumyza getirilen ýükler 126 göterim, ýurdumyzdan üstaşyr geçirilen ýükler 166 göterim artdy.
  • Demirýol ulagynda üstaşyr daşalan konteýnerleriň sany 154 göterime deň boldy.
  • Howa ulaglary boýunça daşalan ýükleriň möçberi 9 müň 800 tonna boldy.
  • Ýurdumyzyň halkara howa menzillerinden daşary ýurt gämileriň tehniki gonuşlarynyň 537 sanysy amala aşyryldy.
  • Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly 6,5 million tonna ýük geçirildi.
  • Hasabat döwründe 91 müň öýjükli belgi hem-de 31 müň ýerli telefonlar gurnaldy.
  • 2021-nji ýyl boýunça Owganystanyň çägi boýunça Akina-Andhoý demirýol beketleriniň 30 kilometrlik demirýoly, Türkmenistan-Owganystan aralygynda Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundi optiki süýümli halkara ulgamy, Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen halkara howa menzili, Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegi ulanmaga berildi.
  • “Boeing 777-200” kysymly ýolagçy howa gämisi, “Ansat” we “Mi-17” kysymly lukmançylyk dikuçarlary, “Rahat” atly ýokary tizlikli ýolagçy gämisi, şäher içi awtobuslar, taksi ulaglary, ýük we ýolagçy teplowozlary satyn alyndy.
  • Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda Özbegistan bilen işçi topary döredildi.
  • Häzirki wagtda, Azerbaýjan, Hytaý, Täjigistan ýaly ýurtlar bilen şeýle işçi topary döretmek babatda işler alnyp barylýar.

 

Halk Maslahaty: Energetika we gurluÅŸyk toplumy barada habarlar

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Helsinki şäherine amala aşyran sapary

Balkanabat şäherine täze häkim bellendi

Ata Watan Eserleri

Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Germaniýa” sammiti geçiriler

Ata Watan Eserleri

Serhetde duşuşyk: Türkmenistan bilen Owganystan möhüm taslamalara badalga berer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Ata Watan Eserleri