Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzda dürli täze desgalaryň birnäçesiniň taslamalary, şeýle hem käbir gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysynyň hem-de “Buig Türkmen” kompaniýasynyň wekiliniň hasabatlaryny diňledi.
“Buig Türkmen” kompaniýasynyň baş direktory Alekseý Reşow Aşgabat şäheriniň merkezinde binalary döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan işler, hususan-da, ozalky Hökümet münberiniň, B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak, umuman, şäheriň şu künjegini abadanlaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler barada taslamalaryň üsti bilen hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, gurluşyk serişdeleriniň hiliniň ýokary derejeli we görnüşleriniň köpdürli bolmagynyň, binalaryň içki gurluşynyň, bezeginiň, reňk öwüşgininiň şu töweregiň beýleki binalary bilen sazlaşykly utgaşmagynyň örän möhümdigini nygtady.
Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, durky döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň işleriniň öz wagtynda tamamlanmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz ozalky Hökümet münberini işewür duşuşyklaryň geçirilýän merkezine öwrüp gurmagy tabşyrdy. Şol ýerde işewürler bilen gepleşikleri geçirmek mümkinçiligi, tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek hem-de dürli taslamalary görkezmek, umuman, işewürlik merkezi üçin hemme zerur şertler döredilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz binalaryň, desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerinde, şol sanda ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň hem-de ylmyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.