JEMGYÝET

Delawer: TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge girişiler

Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawer Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň şu ýylyň ikinji ýarymynda durmuşa geçirilip başlanjakdygyny belledi. Bu barada “Pajhwok” habarlar gullugy habar berýär.

Owganystanyň ministri Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen geçiren duşuşygyndan soňra beren beýanatynda belläp geçdi.

Owgan ministri iki ýurduň wekilleri TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi hem-de onuň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi babatda tagalla etjekdigini mälim etdi.

TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegine şu ýylyň ikinji ýarymynda girişiljekdigini belläp, munuň üçin degişli ýer bölekleriniň bölünip berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Delawer Owganystanda uzak ýyllaryň dowamynda dürli meseleleriň bardygy üçin köp sanly taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçiligiň bolmandygyny belläp, ýöne häzir howpsuzlygyň üpjün edilýändigini we bu taslamanyň durmuşa geçiriljekdigini mälim etdi.

Şeýle hem owgan wekili bu taslamanyň diňe bir Owganystan we Türkmenistan üçin däl, eýsem, Pakistan we Hindistan üçin hem ähmiýetlidigini belledi.

 

Türkmenistan bilen Owganystan ykdysady taslamalary işjeňleşdirýär

Ýene-de okaň

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň forumy üçin Awaza geldi

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherine geldi

Ata Watan Eserleri

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherine geldi

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antoniu Guterriş bilen duşuşygy

Antoniu Guterriş: BMG-niň Awaza forumy uly ähmiýete eýedir