SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýapon syýahatçylaryň kosmos syýahaty başlady

Ýapon syýahatçylar – milliarder Ýusaku Maedzawa we onuň işewürlik boýunça kömekçisi Ýedzo Hirano Halkara kosmos bekedine bardy. Düýn olar Russiýanyň “Soýuz” kosmos gämisi bilen Gazagystandaky Baýkonur kosmodromyndan uçdular.

Ýapon syýahatçylary bilen bir hatarda rus kosmonawty Aleksandr Misurkin hem kosmos giňişligine çykdy. Rus kosmonawty Aleksandr Misurkin Russiýanyň abraýly TASS habarlar gullugynyň Halkara kosmos bekedinde habarçylyk bölümini açýar.

Ýapon işewür we TASS habarlar gullugynyň kosmosdaky habarçysy alyp baran kosmos gämisi awtonom ýagdaýda Halkara kosmos bekedine birikdi. Syýahatçylar ol ýerde 12 gün bolarlar.

Alymlaryň aýtmagyna görä, kosmos syýahatçylaryň saglygy baradaky talaplar kosmonawtlaryňkydan düýpgöter tapawutly bolar. Olara bildirilýän talaplar birneme ýeňil bolar.

Kosmos gämisi bilen Halkara kosmos bekedine täze ýyl sowgatlary, rus kosmonawtlar üçin öýde taýýarlanan tagamlar we dürli ylmy synaglar üçin enjamlar eltildi.

Ýapon syýahatçylar toplumyň ylmy seljermeler maksatnamasyna gatnaşarlar, şeýle hem internet ulanyjylaryň beren ýumuşlaryny ýerine ýetirerler.

“Roskosmos” döwlet korporasiýasy 2030-njy ýyldan soňra Aý boýunça syýahatçylyk uçuşlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/kosmosda-surat-ceker/

Ýene-de okaň

Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda antalýa baryp gördüler

“Pekin – Duşenbe” ugry boýunça ilkinji gatnawyny ýola goýdy

BSGG Ýewropada howa we saglyk boýunça täze komissiýa döretdi

Aşgabadyň Halkara howa menzili multimediýa ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar

«Galkynyş» topary Awazada dynç aldy