BIZNES

Gazagystan bilen Özbegistan 2 milliardlyk şertnama baglaşdy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gazagystan Respublikasynda döwlet saparynda bolýar. Bu saparyň öňüsyrasynda Nur-Soltan şäherinde Özbegistan-Gazagystan işewürler geňeşiniň IV mejlisi geçirilip, onda jemi 2 milliard ABŞ dollary möçberinde 15 şertnama gol çekildi.

Bar bolan maglumatlara görä, Gazagystanda özbek maýa goýumynyň gatnaşmagynda 1400 kärhana işleýär.  Bu forumyň öňüsyrasynda Türküstan sebitinde geçirilen duşuşykda iki ýurduň telekeçileri 600 million dollarlyk şertnama baglaşypdy.

Soňky 5 ýylyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 60 göterim artyp, 3 milliard dollardan geçdi, 2021-nji ýylyň 10 aýynda bu görkeziji 37 göterim ýokarlandy.

2022-nji ýylda haryt dolanyşygyny 5 milliard dollara we ýakyn ýyllarda 10 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak maksat edinildi.

Bu maksada ýetmek üçin, iki ýurduň telekeçileri biri-biri bilen has işjeň söwda edip, üçünji ýurtlaryň bazarlaryna bilelikde girmek üçin bilelikdäki “ýol kartasyny” taýýarladylar.

Forumyň jemleri boýunça Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasy we Gazagystan Respublikasynyň Milli Telekeçiler Palatasy 2022-nji ýylda Özbegistan-Gazagystan Işewürler geňeşiniň esasy iş meýilnamasyny tassyklady.

 

Birža täzelikleri: el halylaryna uly gyzyklanma

 

Ýene-de okaň

Täjigistanda kuwwaty 500 MW bolan ilkinji Gün energiýasy taslamasy durmuşa geçirilýär

TNGIZT Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini ýerli çig mal bilen üpjün edýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda elektron söwda ulgamy ýokary depginde ösýär

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: içerki bazarlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmek

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: täze awtomobil ýollary gurlar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýylyň iş meýilnamasy: “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlary özleşdiriler