DÜNÝÄ

Abiwerdde täze tapyndylar tapyldy

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary täze tapyndylary ýüze çykardylar.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri orta asyrlara degişli gadymy döwürlerde adamlaryň ýaşan künjeklerinde arheologik-gözleg işlerini geçirdiler. Bu işler ýurdumyzyň orta asyr şäherlerinde maddy medeniýetiň, hususan-da, senagatyň ösendigine şaýatlyk edýän gyzykly maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berdi.

Abiwerd galasynda simap taýýarlamak boýunça önümçilik ussahanasynyň üsti açyldy. Alymlar tarapyndan “hünärmentçilik toplumy” diýlip atlandyrylan meýdançada demir magdanlaryny eredip, metal almak üçin niýetlenen tegelek peçleriň altysynyň galyndylary tapyldy. Arheologik tapyndylar arkaly alymlar bu ýerde küýzegärçilik ussahanasynyň ýerleşendigini kesgitlediler. Onda arheologik edebiýatda “simap küýzejigi” diýlip atlandyrylýan keramiki gaplar öndürilipdir. Çaklamalara görä, şeýle gaplaryň aýry-aýry nusgalary Merkezi Aziýanyň käbir sebitlerinde tapylypdyr. Simabyň hut şeýle gaplarda saklanandygy baradaky pikiri ilkinji gezek geçen asyryň ortalarynda belli arheolog, akademik M.Masson öňe sürdi.

Abiwerd galasynyň hünärmentçilik toplumynyň meýdançasynda simap saklamaga niýetlenen keramiki gaplaryň abat galanlarynyň we bişirilende zeper ýetenleriniň 300-den gowragy tapyldy. Alymlaryň pikirine görä, küreler iki gatdan, ýagny aşakda ot ýakylýan ojakda we onuň üstünde ýerleşen küýze bişirilýän howurhanadan ybaratdyr. Küre ýeriň aşagynda ýerleşip, onuň ojagy tegelek görnüşde bolupdyr. Ýerasty küräniň beýikligi ýarym metre, giňligi 90 santimetre barabar bolupdyr. Güýçli ýalnyň netijesinde pejiň töweregindäki toprak gyzarypdyr.

Abiwerd Demirgazyk Horasanyň uly ähmiýetli şäherleriniň biridir, bu barada ýazuw çeşmelerinde: “…bereketli topragy, baý hasyly bolan şäher özüniň şüweleňli bazary we metjidi bilen uly şöhrata eýe bolupdyr” diýlip bellenilýär. Häzirki döwürde gadymy şäheriň galyndylary 105 gektar meýdanda ýerleşýän gönüburçly gala görnüşinde saklanyp galypdyr. Kaka etrabyndaky Abiwerd taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki bu taryhy-binagärlik ýadygärligi orta asyrlara degişli galanyň ilatynyň durmuşy barada köp maglumatlary özünde jemleýär.

Bu ýerde geçirilen barlaglar birnäçe täsin tapyndylary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Abiwerdiň çäginde geçirilen barlaglarda şäheriň günorta-gündogar we demirgazyk-günbatar künjeklerinde senetçilik toplumlarynyň bolandygy tassyklanyldy. Şäheriň merkezi böleginde mis işläp bejerýän we zergärçilik ussahanalarynyň bolandygyna şaýatlyk edýän metaldan ýasalan dürli şekiller ýüze çykaryldy. Köp görnüşli keramiki önümler Abiwerdde küýzegärçiligiň ösendigini aňladýar. Bu şäher Demirgazyk Horasanyň möhüm söwda-senetçilik merkezleriniň biri bolupdyr. Mundan başga-da, arheologlar orta asyr metjidiniň ýerleşen ýerini ýüze çykardylar. Onuň Daňdanakan metjidine meňzeşdigini aňladýan bezeg serişdeleriniň bölekleri tapyldy.

Abiwerd galasynda geçirilen bu gezekki arheologik möwsümiň dowamynda ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklar ozalky täsin tapyndylaryň üstüni ýetirdi. Olar Günorta Türkmenistanda, has takygy, Ahal welaýatynyň dag eteklerinde orta asyrlarda zergärçilikde we lukmançylykda giňden ulanylan simabyň önümçiliginiň ýola goýlandygyny subut edýär.

 

Watan harmanyna 1 million 250 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryldy

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi