DÜNÝÄ

Delide owgan meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Hindistan Respublikasynyň paýtagty Täze-Deli şäherinde Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň owgan meseleleri boýunça köptaraplaýyn geňeşmeleri geçirildi. Hindistanyň Premýer-ministriniň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Adjit Dowalyň baştutanlygynda geçirilýän Owganystandaky howpsuzlyk boýunça sebit dialogyna Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Hindistanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugynyň hem habar bermegine görä, bu sebit duşuşygyna Türkmenistan döwletimizden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gatnaşdy.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bu dialoga gatnaşan döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlary bilen duşuşdy.

Owganystan boýunça sebit dialogynyň duşuşygynda taraplar Owganystandaky ýüze çykýan ýagdaýy, esasanam howpsuzlyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Owganystandaky häzirki syýasy we ynsanperwerlik ýagdaýy, şeýle hem ýurtda howpsuzlygyň üphün edilmegine degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Geňeşmeleriň barşynda oňa gatnaşyjylar Owganystanda durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine goldaw bermäge taýýaryklaryny ýene-de bir gezek nygtadylar.

 

Futbolçylara üwmeç we maýones iýmek gadagan

Ýene-de okaň

BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy

Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Awaza geldi

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Awaza geldi

Ata Watan Eserleri

Malawi Respublikasynyň wekiliýetiniň toparlary Awaza gelip başlady

BMG-niň Baş sekretary Guterriş Gazagystanda

Zambiýa we Angolanyň wekiliýetleri Türkmenbaşa gelerler