SPORT

Futbolçylara üwmeç we maýones iýmek gadagan

Angliýanyň “Tottenhem” toparynyň tälimçisi italiýaly Antonio Konte toparda täze birnäçe düzgünleri girizdi. Şol täze düzgünlere laýyklykda, futbolçylaryň agramynyň deňagramlylygyny saklamak üçin käbir gadaganlyklar hem göz öňünde tutulýar.

Italiýaly tälimçi Konte türgenleşiklerde käbir futbolçylara artykmaç agramlarynyň bardygyny belledi. Şoňa görä, futbolçylaryň iýmit sanawyna täzelen seredildi.

Futbolçylaryň türgenleşik edýän sport toplumynda günortanlyk nahar sanawynda üýtgeşikler girizildi. Agyr naharlar we sendwiçler aýryldy. Şeýle hem tälimçisi üwmeç we maýonez hem iýmegi gadagan etdi.

Mundan beýläk, futbolçylara az möçberde miweli içgiler berler, tagamlara goşulýan günebakar hem-de mesge ýagynyň möçberi hem azaldylar.

Tälimçi Konte futbolçylara has köp miwe iýmegi maslahat berdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Angliýanyň “Tottenhem” topary möwsümiň başlamagy bilen geçiren şowsuz çykyşlaryndan soňra olaryň ozalky tälimçisi portugaliýaly Nunu wezipesinden boşadylypdy. Onuň ýerine bolsa, italiýaly Antonio Konte bilen şertnama baglaşylypdy.

Konte bu toparda her ýylda 18 million ýewro gazanar. Onuň maksady topary Angliýanyň çempionatynda öňdebaryjylaryň hataryna çykarmakdan ybarat. Sebäbi Angliýanyň çempionaty örän kyn çempionatlaryň biridir. bu ýerde köp sanly kubok ýaryşlary bolup, şol bir wagtda toparlar Ýewropa derejesindäki halkara ýaryşlarda hem çykyş edýärler.

Angliýanyň “Tottenhem” topary “Konferensiýa Ligasynda” çykyş edip, şol ýerde hem oňat netijeler gaznamagy maksat edinýär.

 

 

«Nýukaslyň» ilkinji bäş transfer maksady

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi