DÜNÝÄ

Makron Merkeli ‘Legion d’Honneur’ nyşany bilen sylaglady

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Germaniýanyň kansleri Angela Merkele ýurduň iň ýokary abraýy bolan “Legion d’Honneur” nyşanyny gowşuryldy. Makron we aýaly Brigitte Makron, Beonda şäherinde syýasat bilen hoşlaşmaga taýynlanýan we soňky gezek kansler hökmünde Fransiýa baran Merkeli we adamsy Hoakim Saueri myhman aldy.

Beonda şäherinde halk bilen salamlaşan Makron we Merkel, soňra Wougeot köşgüne gitdiler. Makron Merkele “Legion d’Honneur” hormat nyşanyny gowşurdy we bu dabaranyň hormatyna agşamlyk nahar iýdiler. Agşamlyk naharynda çykyş eden Makron bu hormat nyşanynyň Merkele Ýewropa üçin bitiran hyzmatlaryna baha bermek üçin berlendigini aýtdy we şeýle diýdi:

“Fransiýa döwleti sizi Germaniýa kansler bolanyňyzdan bäri tanaýar. Jak Şiragyň işlän döwründe ilkinji ýyllaryňyz boldy. Prezident Sarkozi bilen ykdysady çökgünlik babatda iş alyp bardyňyz. Prezident Olland bilen terrorçylykly hüjümler we migrasiýa meseleleri üçin göreşdiňiz. Bilelikde pandemiýany başdan geçirdik we Ýewropany köp tarapdan öňe ilerletmek babatda iş alyp bardyk”

Köp kynçylyklarda Merkeliň Ýewropada birleşdiriji gahrymanyň keşbini ýerine ýetirendigini bellän Makron Merkele ýüzlenip: “Maňa köp zat öwredeniňiz üçin köp sag boluň. Hemme zady sarsdyrmak isleýän bu hyjuwly ýaş Prezidenti kabul edeniňiz üçin sag boluň. Sabyrlylygyňyz we maňa çydamlylygyňyz üçin sag boluň!” -diýdi.

 

Çempionlar ligasynda 1000 gola ýeten ilkinji topar

 

Related posts

Erkek kişilerde saç düşmeginiň täze sebäbi anyklanyldy

vepa

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji Konsultatiw duşuşygy Täjigistanda geçiriler

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Ženewadaky wekilhanasyndan gelen hoş habar