DÜNÝÄ

Erkek kişilerde saç düşmeginiň täze sebäbi anyklanyldy

«Adaty iş ýükünden artyk işlemek erkek kişilerde saç düşmek ähtimallygyny iki esse ýokarlandyrýar» diýip, «Medical Daily» neşiri Songýungwan uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren tejribesine esaslanyp habar berýär.

Munuň üçin alymlar 2013 ― 2017-nji ýyllar aralygynda 20 ― 59 ýaş aralygyndaky erkekleriň 13 müň 400-sinde barlag geçirip görüpdiler. Barlagyň netijelerine görä, oňa gatnaşyjylar üç topara bölünipdir. Birinji topardaky her hepde 40, ikinji topardakylar 50, üçünji topardakylar bolsa 52 sagat işläpdir. Barlaglaryň dowamynda gatnaşyjy erkek kişileriň iş mümkinçilikleri, meýilnamasy, ýaşy, maglumatlary, maşgala ýagdaýy, meşgullanýan zyýanly endiklerini hem hasaba alypdylar.

Geçirilen barlaglar hepdede 52 sagat ýa-da ondan hem köp işleýän erkekleriň saçynyň has köp düşýändigini görkezipdir. Adaty iş sagatlary hepdede 40 sagat bolsa-da, köplenç, işden soň hem ofisde galyp işlemegiň saglyk üçin juda bir peýdaly däldigi hem anyklanylypdyr.

Onsoň hem artykmaç iş sagadyndaky aşa ýadawlylyk, ondan döreýän dartgynlylyk, garmonal özgerişler saç öýjükleriniň işleýşini peseldýär.

Erkek kişilerde saç düşmeginiň ilkinji alamatlary 20 ― 30 ýaş aralygynda ýüze çykýar. Şonuň üçin hem hünärmenler olara iş sagatlyna dykgatly bolmagyny maslahat berýärler.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy