SPORT

“Air Jordan” markasy barada

Sportuň basketbol görnüşi diýenimizde, aklymyza gelen ilkinji aýakgap  “Air Jordan” markaly aýakgapdyr. Markanyň taryhy 1970-nji ýyllara degişlidir.

1926-njy ýylda Frank Rudy işleýän wesipesinden käbir sebäpler görä wagtlaýynça  aýrylmaly boldy.  Şol wagtlar hem sport bilen gyzyklanyp başlady. Ol saýlan sportuna görä aýakgap öndürmegi maksat edindi. Dosty Bob Bogert bilen maslahatlaşyp öz islegini amala aşyrdy, sport aýakgabyny öndürdi.  Ol öz öndüren köwüşlerini  gysga wagtyň içinde “Head Skis” firmasynyň eýesi Howard Heade görkezýärler, onda gowy jogap alyp, markanyň patentini alýarlar.  Soňra bu sport aýakgabyň täze görnüşini döredip, ony hem Beta görkezip, onuň hem razylygyny aldylar.  Döreden aýakgabynyň ilkinji böleginde 50 sanysy öndürildi.

Emma bu aýakgapda belli bir näsazlyklar ýüze çykdy. Şol sebäpli hem öndürilmesi goýbolsun edildi. Emma Frank Rudy bu işinden el çekmedi, öz proýektini ýewropa alyp gitdi.  Ol öz erjelligi bilen täzeden aýakgap öndürip başlaýar.

Bu sport aýakgap döwrüniň belli sportsmeni Mihail Jordanyň geýmegi bilen “Air Jordan” basketbol aýakgapy diýip tutulyp başlaýar. “Air Jordan”markasy häzirki wagtda sport egin-eşikleri hem öndürýär.

 

Türkmenistan Azerbaýjana gutlag hatyny iberdi

 

Ýene-de okaň

Iordaniýa ilkinji gezek dünýä çempionatynda çykyş eder

Taryhy gün: Özbegistan futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 349 medala mynasyp boldular

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Tailandyň milli ýygyndysy bilen duşuşar

“Inter” topary baş tälimçisi Simone Indzagi bilen hoşlaşdy

Grizmann “Atletikoda” galdy

Ata Watan Eserleri